garlawaç

garlawaç
[garlawa:ç]
Zoologiýa Serçeler otrýadyndan bolan inçe uzyn çowly ganatly, guýrugynyň ortasy gädik, çalt uçýan, petekesi akja, kiçijik garaja guş.
∙ Emma onuň gysgajyk boýy, näzijek elleri tüýnük ýüpüne ýetmän, garlawaç dostlugyna görä ejesiniň köýneginden asylypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Köne adatlary oklap, Durmuşymyz tämiz saklap, Garlawaç dek ganat bekläp, Ruha ruh goşdy kanun. (Durdy Gylyç, Goşgular)
∙ Töräň gara atyn münüp, Lal uçdy garlawaç ýaly. (Çary Aşyr, Poemalar)
∙ Osetin obajygy garlawajyň höwürtgesi ýaly bolup görünýärdi. (M. Ý. Lermontow, Biziň Zamanymyzyň Gahymany)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.
Meselem garlawaç - garlawajy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»